Biz barada


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi Türkmenistanda dörän ilkinji orta hünär professional sazçylyk mekdebi bolup, ol 1929-njy ýylda sazçylyk we drama bölümlerini öz içine alan Çeperçilik tehnikumy hökmünde açylypdyr. 1934-nji ýylda bolsa Çeperçilik tehnikumy Türkmen döwlet sazçylyk mekdebi we Türkmen döwlet çeperçilik mekdebi ýaly iki sany özbaşdak okuw mekdeplerine bölünýär. Şondan bäri hem, Aşgabadyň sazçylyk mekdebi eýýäm, bir asyra golaý döwrüň içinde hünärine ökde bolan ençeme saz hünärmenlerini taýýarlamagyň merkezi hasaplanyp, ol Türkmenistanyň professional aýdym-saz biliminiň binýady boldy. 1966-njy ýylyň iýun aýynda Türkmen döwlet sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň ady dakylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň saz sungatyny ösdürmeklige ömrüni bagş eden, türkmen nusgawy sazynyň düýbüni tutujy, ajaýyp sazanda-kompozitor Daňatar Öwezowyň adyny uly buýsanç bilen götermekligi dowam etdirýär.

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19